- günäkär
- 1) Jenaýat iş eden, ýazykly, etmişli, gunäli.∙ Günäkär bolsaň, bir eýýäm jogapkärçilige çekerdik. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)∙ Günäkärsiň sud öňünde sömelderis, Jezalandyrylman galmasaň gerek. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)∙ Kart oýnunyň başynda ýarag ujundan ölen bir adam sebäpli günäkär bolanlaryň arasy bilen Gurt hem günäkärçilige çekildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Garly ussa, bu işde men çigit ýaly günäkär däl ahyryn. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)2) Göçme manyda Sebäp bolan. Sebäpkär.∙ Gyz özüni günäkär saýýan ýaly görünýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.